Türkmen Dili – Biziň Missiýamyz
Turkmenlanguage.com sahypasy dünýäde dil öwrenýänlere Türkmen dilini has ýakyndan tanatmagy, Türkmen dilini öwrenmäge höwes döretmegi, Türkmen dilini öwrenýänlere goşmaça onlaýn sapak bermek arkaly ýardam etmekligi, hem-de Türkmen dilini iňlis, fransuz, we rus dillerinde öwrenmäge mümkinçilik döretmegi maksat edinýär. Şeýle hem, biz websaýtymyz arkaly ulanyjylara Türkmen medeniýeti, edebiýaty, taryhy we däp-dessurlary barada köprak bilgiler bermek isleýäris.
Türkmen dili barada gysgaça maglumat
Türkmen dili türki dilleriniň Oguz toparyna degişli bolup Orta Aziýada we dünýäniň başgada birnäçe ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň gepleýän dilidir. Türkmen dili Türkmenistanyň resmi, döwlet dilidir.
Geçmişde türkmen dilinde arap harplary ulanylypdyr. Soňra 1938-nji ýyldan 1994nji ýyla çenli Türkmenistanda rus kiril elipbiýi ulanyldy. Häzirki zaman türkmen dilinde täze türkmen elipbiýi ulanylýar. Täze türkmen elipbiýi latyn grafikasyna görä ýazylýar.
Täze türkmen elipbiýinde jemi 30 sany harp bolup, şonuň 9 sanysy çekimli, 21-si çekimsizdir.
Çekimliler: a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü
Çekimsizler: b, ç, d, f, g, h, j, ž, k, l, m, n, ň, p, r, s, ş, t, w, ý, z
Bu saýt nämeleri içine alýar?
Biz bu saýtda dil öwrenmek we terjime etmek barada bilgilerimizi paýlaşarys we beýleki onlaýn çeşmelere öz sahypamyz arkaly baglanyşyk bereris. Iň soňunda, blogumyz arkaly türkmen we iňlis dilleri babatda gyzykly temalary ara alyp maslahatlaşarys. Blogumyza her kim teswir ýazyp biler.
Turkmenlanguage.com bilen habarlaşyň